Türkmenistanyň Seuldaky diplomatik wekilhanasy ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan tanyşdyrylyş geçirdi

Koreýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” temasyndan tanyşdyrylyş geçirdi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen çärä şu ýokary okuw mekdebiniň GDA kafedrasynyň magistrantlary we mugallymlary gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň Seuldaky diplomatik wekilhanasynyň gurnan wideo-tanyşdyrylyşy Koreýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy, pederlerimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşant ägirt uly goşandynyň özboluşly subutnamalary bilen tanyşdyrdy. 

Bu ýere ýygnananlara häzirki wagtda Türkmenistanyň gazananlary, ykdysadyýetde we durmuş ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary, ýokary netijeli sporty ösdürmek we ýaşlar syýasaty barada jikme-jik habar berildi. Duşuşyga gatnaşanlaryň ünsi ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ählumumy durnukly ösüşiň wajyp ugurlary boýunça türkmen lideriniň oňyn başlangyçlaryna çekildi.