Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýokary derejede öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler boýunça  özara pikir alyşyldy.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we özara bähbitli hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin tagalla etmäge taýýardygyny bildirdi.