Türkmenistanyň ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde ilçi Begenç Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Kim Taýejin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini nygtadylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek nukdaýnazaryndan, iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede alnyp barylýan dialogyň möhüm ähmiýetini tassykladylar.