SEULDA MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRELER MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäheriniň Ýoňsan etrabynyň häkimi Pak Hi Ýoň bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wezipelerini ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlylyk bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda, şol sanda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.