Koreýanyň Songýungwan uniwersitetinde bolan duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy maýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we öşüs uniwerstitetiniň ylym işleri boýunça prorektory K.Kertiýewiň Koreýanyň Songýungwan uniwersitetiniň rektory Çong Kýu-Sang bilen duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşykda iki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ozal gol çekilen ylalaşygy durmuşa geçirmek, mugallymlar we talyplar düzümi derejesinde bilim babatda alyş-çalyşa, bilelikdäki ylmy-gözleg maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we guramaga hem-de beýleki özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly bolan hyzmatdaşlyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen wekiliýeti koreý tarapyna Türkmenistanda şu ýyl Garaşsyzlygyň Şanly 25 ýyllygy giňden bellenilýändigini  habar berip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde gazanylan üstünlükler, halkara derejesinde öňe sürülen başlangyçlar hem-de  ylym we bilim ugrundaky edilen işler barada koreý tarapyna beýan edildi.