TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY SEUL DOSTLUK FESTIWALYNA GATNAŞDY

2024-nji ýylyň 24-26-njy maýy aralygynda Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda Seul dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Festiwalyň işine Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen beýleki daşary ýurt diplomatiki wekilhanalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy hem gatnaşdy.

Hususan-da, çäräniň çäklerinde ilçihana tarapyndan beýik türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan surat sergisi görkezildi. Mundan başga-da, serginiň tomaşaçylarynyň dykgatyna şahyryň eserleriniň ýygyndylary, şeýle hem türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň nusgalary ýetirildi. 

Ilçihananyň diwarlygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary aýratyn orna mynasyp boldy.