Alabaýlaryň koreý tarapyna gowşurylyş dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda oňa we onuň maşgalasyna şu ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat beren iki sany alabaý itleriniň koreý tarapyna gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Alabaýlar degişli halkara resminamalar bilen bilelikde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew tarapyndan bu ýurduň Daşary işler ministriniň protokol meseleleri boýunça orunbasary Kim Taýejine gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, alabaýlar şu ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat-Seul aralygynda amala aşyrylýan howa gatnawy arkaly getirildi.

Dabara Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň we bu ýurduň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Çäre tamamlanandan soňra, Ilçi B.Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Taýejin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda koreý tarapy Prezident Ýun Sok Ýoluň döwlet saparyny ýokary derejede geçirendigi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny bildirdi. Öz gezeginde, Ilçi bu saparyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.