Türkmenistanyň wekiliýeti «2024 Next Generation Dialogue» maksatnamasyna gatnaşýar

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda «2024 Next Generation Dialogue» atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy we onuň çäklerinde tebigy resurslar pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maslahat geçirildi. Maksatnamanyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, alymlar we bilermenler hem-de Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden ybarat bolan topar hem gatnaşýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar öz ýurtlarynyň tebigy baýlyklary barada çykyş etmek bilen, bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi babatynda özara pikir alyşdylar.

Maksatnamanyň işi şu ýylyň 29-njy iýunyna çenli dowam edýär.