Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti sanly çözgütler we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady.
Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Doganlyk döwletiň Lideri hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýtdy we geljekde-de ony pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.