Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň Katardaky üçünji duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda häzirki owgan häkimiýetiniň wekilleri Owganystandaky häzirki syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaý, Owganystandaky hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek bermek babatynda Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan işleri barada belledi.
Mundan başga-da, şu ýyl Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň sergisiniň, türkmen-owgan işewürler maslahatynyň we Türkmenistanyň telekeçileriniň Hyrat şäherine amala aşyran saparynyň iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem A.Gurbanow Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda beýleki döwletler we halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we häzirki zaman howplaryna garşy göreşmekde işjeň syýasat alyp barýandygyny belledi.