BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi
2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabada sapar bilen geldi.
Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Uçaryň öňünde milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar. Iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly ýodajygyndan ýöräp, Antoniu Guterriş resmi wekiliýetler zalyna bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşyp, mundan beýläk-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ugruna berk eýerer. 2021–2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Ol bilelikde işlemek üçin esasy resminama bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalar hem-de BMG-niň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Antoniu Guterrişe türkmen tarapynyň dünýäde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Öz nobatynda, BMG-niň Baş sekretary Aşgabada nobatdaky gezek sapar bilen gelýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar hem-de ýola goýlan, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna berk eýerýär.
Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunda Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideriniň raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak meselelerini çözmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BMG-niň Baş sekretary köp ugurlary – durmuş-ykdysady, hukuk ulgamyny, ynsanperwer, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki birnäçe ugurlary öz içine alýan däp bolan hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňky ýyllarda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesi hem-de onuň köpugurly mümkinçilikleri bu işde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we BMG-niň Baş sekretarynyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň howa menzilinden «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ugrady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapary dowam edýär.