Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan BMG-ä we oňa girýän ýöriteleşdirilen düzümlere ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasa öwrüldi.
Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen parahatçylyk we özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.