Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we durmuş ugurlarynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
Özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Taraplaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýene bir ileri tutulýan ugrudyr. Şu nukdaýnazardan German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi.
Şeýle-de söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde we medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynda iňňän möhüm orun eýeleýän medeniýet we bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.