Seulda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory Kang Ýongşin bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar ýakyn wagtda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde geçiriljek möhüm çäreleriň gün tertibi boýunça özara pikir alyşdylar.