Türkmenistanly lukmanlar Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda okuw maksatnamasyny tamamladylar

2024-nji ýylyň 1-26-njy iýuly aralygynda Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda Türkmenistanly lukmanlar üçin dört hepdelik kliniki okuw maksatnamasy geçirildi. Okuwyň maksady koreý lukmançylygynyň öňdebaryjy kliniki nazaryýeti we usullary bilen tanyşmakdan, şeýle hem geçen ýyl başlanan bilelikdäki işi dowam etmekden ybarat boldy.  

Okuw maksatnama gatnaşanlar uniwersitetiň koreý lukmançylygy, koreý dikeldiş lukmançylygy hem-de akupunktura lukmançylygy kafedralarynyň professor-mugallymlaryndan bilim we tejribe aldylar.

Dört hepde dowam eden okuw maksatnamanyň dowamynda Türkmenistandan gelen lukmanlar Koreýa Respublikasynyň birnäçe lukmançylyk merkezlerine, şol sanda, Standartlaşdyrmak we ösümlikler bilen bejergi etmek merkezine baryp gördüler.