Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi hem-de öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Nygtalşy ýaly, iki döwletiň halkara syýasy giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.
Bellenilşi ýaly, yzygiderli ýagdaýda geçirilýän hem-de ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garalan «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Prezidentler döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.
Şeýle-de Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylandygy, onuň türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 4-nji iýulda dabaraly ýagdaýda açylandygy bellenildi. Aşgabatda bolsa meşhur gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeli bina ediler.
Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.