Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüne ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Masud Pezeşkian garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra çäkli düzümde duşuşyk geçirildi.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Eýranyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Baştutanyna bildirilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de öz adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady. Şeýle hem Masud Pezeşkiana özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylyk haty gowşuryldy. EYR-nyň Baştutany çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de özi üçin amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen baryp görjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine onuň pars diline terjime edilen «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyny sowgat berdi.

Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, enelere belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

«Mälim bolşy ýaly, ene-atalara hormat goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän däbidir. Meniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserimde bular barada jikme-jik beýan edilýär. Bu däp biziň enelerimize hormat-sarpanyň ýokary nusgasy bolup durýar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň maýynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygyny belledi.

Soňra söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Şunda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň çäklerinde Eýrana we onuň üsti bilen «SWAP» görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazynyň iberilýändigi bellenildi we bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi.

Şeýle hem taraplar elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, EYR-na türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek babatynda pikir alyşyldy.

Üçünji möhüm ugur hökmünde ulag ulgamy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meselelerine garadylar.

Gatnaşyjylar syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki zamanyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara howpsuzlyk meselesi dünýä syýasatynyň wajyp mowzuklarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine goşant goşmak ugrunda uly tagalla edýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyna üns çekildi.

Taraplar parahatçylyk başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge meýillidiklerini beýan etdiler.

Wekiliýetleriň agzalary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň depginli ýokarlanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ikitaraplaýyn esasda iberilýän önümleri we harytlary artdyrmagyň, şeýle-de bu işlere hususy kompaniýalary işjeň gatnaşmaga çagyrmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň energetika pudagyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda tagallalary edýändigini belledi.

Ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran bu ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet bermek bilen, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy ugrunda çykyş edýärler. Taraplar awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň netijelerini we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri üçtaraplaýyn esasda işlemegiň we bu hereketleri amala aşyrmak üçin üç ýurduň kompaniýalaryny işe çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdiler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn orun berildi. Şunda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy bar.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň eýranly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.

Gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy düzümleri netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirildiler.