Täjigistanda Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylyşy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.
Täjigistan Respublikasyndaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda kabul edilen bu çözgüt taraplaryň ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalarynyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilipdi.
Dabara iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Alyp baryjylar türkmen we täjik dillerinde dabara gatnaşyjylaryň ählisini hem-de myhmanlary şatlykly waka – täze umumybilim berýän mekdebiň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, iki döwletiň Baştutanlaryny uly hormat bilen çykyş etmäge çagyrdylar.
Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga şatdygyny belledi.
Täze, döwrebap mekdebiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlandygyny aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutany türkmen Halkynyň Milli Liderine türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarynyň köp ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek meseleleriniň çykyş edýändigi nygtaldy.
Prezident Emomali Rahmon bu durmuş ähmiýetli möhüm taslamanyň amala aşyrylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem mekdebi gurmaga gatnaşan gurluşykçylara Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, täjik topragynda Magtymgulynyň adyny göterýän mekdebiň açylmagynyň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentini, ýurduň mugallymlaryny we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň ilkinji güni we Magtymguly adyndaky umumybilim berýän täze orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlap, sanly ulgam arkaly mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ähli türkmen halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Baştutanyny, mugallymlardyr okuwçylary täze, döwrebap mekdebiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Soňra Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň hormatly ýaşulularyna söz berildi. Sanly ulgam arkaly dabara gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ýaşuly nesliň wekilleri Prezidentler Serdar Berdimuhamedowa we Emomali Rahmona berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de iki döwletiň Baştutanlaryna Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebi dabaraly açyp bermek haýyşy bilen ýüzlendiler.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň ak patasy bilen, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary toý bagyny kesdiler.
«Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy. Baş binada giň, ýagty synp otaglarynyň 24-si ýerleşdirilipdir. Olarda okuw işini netijeli alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir. Binada kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, uly mejlisler jaýy, naharhana, lukmançylyk nokady we beýlekiler hem bar.
Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Bilimli» haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuterleri, şeýle-de «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat berildi.
Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.