Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Giň möçberli forumda Türkmenistana ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik edýärler.
Halkara çäräniň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wideo ýüzlenmesini diňlediler. Çykyşda bu çäräniň ýurduň mundan beýläkki ykdysady ösüşindäki we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy.
Soňra halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça gurnalan sergi bilen tanyşdylar.
Forumyň maksatnamasy sanly özgertmelerden we innowasiýalardan başlap durnukly ösüş we infrastruktura taslamalaryna çenli köpsanly ugurlary öz içine alýan mowzuklaýyn bölümçeleri, panel çekişmelerini we prezentasiýalary öz içine alýar.
Iki günüň dowamynda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşiniň geljegini, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa we tebigy baýlyklary durnukly peýdalanmak pudagyndaky taslamalar; täze awtoýollaryň, demirýollaryň we portlaryň gurluşygyny, şeýle hem logistika baglanyşyklaryny nazara almak bilen ulag infrastrukturasyny ösdürmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy direktory Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki forumda nemes kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy hem bellenildi.
Taraplar saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.