AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 30-njy maýynda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly  iki günlük ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Maslahat ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň  başlangyjy bilen gurnaldy. Maslahatyň ilkinji gününde esasy mejlis we iki sany iş sessiýalary geçirildi. 

Maslahatyň işine ÝHHG-na agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri we bilermenleri, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik korpusynyň  biziň ýurdumyzda akkreditirlenen wekilleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary we professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Esasy mejlisde Owganystan Yslam Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri M.Mustafa, Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministriniň orunbasary hanym G. Jabborzada, Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň ýolbaşçysy H. Gurbanow, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň Ilçileri, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Iş sessiýalaryň dowamynda ýerlikli dolandyryş ykdysady ösüşiň we özara baglanyşygyň görkezijisi, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy özara baglanyşyga itergi hökmünde, howpsuzlyk üçin sanly ykdysadyýetiň yzygiderli ulanylmagy, degişli dolandyryşyň amatly işewür we maýa goýujylyk ýagdaýy döretmekde täsiri ýaly ugurlara degişli meseleler boýunça maslahatlaşmalar we pikir alyşmalar geçirildi.

31-nji maýda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işini dowam eder.