Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi.

M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenistanyň amala aşyrýan ähli tagallalary Agentlik bilen geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Mümkinçilikleri artdyrmak we kadalaşdyryş-utgaşdyryş işi ýaly esasy wezipeleriň durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

18-nji sentýabrda türkmen wekiliýetiniň IAEA-nyň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar.

Atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar bilen ulanylmagyna aýratyn üns berildi.