Türkmenistanyň Prezidentiniň Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Muhammad Al Jasseri wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň YÖB-niň ýolbaşçysynyň şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan bilen YÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde YÖB Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkyň saglygyny berkitmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak taslamalaryny amala aşyrmakda YÖB-niň orny bellenildi. Bu ulgamda YÖB bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekilip, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamy hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmeginiň uly ähmiýeti nygtaldy hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň bardygy, bu ugurda Ýewropa, Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijiligini artdyrmak mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Türkmenistanyň öz tarapyndan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Yslam ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.

YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada-da aýdyldy. YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nugtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser Türkmenistan bilen YÖB-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.