Türkmenistan Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary N.Jumaşow Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň (Global Green Growth Institute) guramagynda Bütindünýä ýaşyl ösüş hepdeligi atly geçirilen çäreleriň çäklerindäki ministrler derejesindäki maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar milli, sebitleýin we dünýä derejesinde ýaşyl ösüşi goldamak, şeýle hem Pariž Ylalaşygyny we “NetZero” maksatlary durmuşa geçirmek babatda täzeçillikleri girizmek, öňdebaryjy tejribäni ulanmak we paýlaşmak barada çykyş etdiler.

Türkmen wekili hem öz gezeginde bu maslahatda çykyş edip, Türkmenistan hökümeti tarapyndan degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak boýunça edilýän işler barada gürrüň berdi.

Türkmenistanda bolup geçen giň gerimli durmuş we ykdysady özgertmeleriň çäginde senagat önümçiliginiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, senagatyň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmak, şol sanda häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak ýaly işler bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Parižiň howa ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli kesgitlenen goşandyny kabul edendigi nygtaldy.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Pariž Ylalaşygynyň we Global Metan Girewiniň durmuşa geçirilmegini goldaýandygy we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň üstünde işleýändigi bellenip geçildi.

Çykyşyň dowamynda howanyň üýtgemegi şertlerinde Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar sebit merkezini döretmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, 16-njy oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň başlygy jenap Pan Gi Mun bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Pan Gi Mun Türkmenistanyň - Birleşen Milletler Guramasyna we onuň hut özüne dowamly goldaw berýän az sanly ýurtlaryň biridigini nygtamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň alyp barýan işlerine we köpugurly türkmen-koreý gatnaşyklaryna berlen şertsiz goldawlary buýsanç bilen ýatlady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýaşyl ösüş üçin täze usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem Türkmenistanda döredilen tokaý zolaklarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini öwrenmek we tokaýlary durnukly dolandyrmak üçin mehanizmi gowulandyrmak üçin bilelikdäki taslamalary işläp düzmek barada pikir alyşdylar.