Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini, häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň alyp barýan işlerine, şol sanda Aksakgallar geňeşiniň işine yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýändigini, beýleki bir tarapdan bolsa, bize bildirilen uly ynamyň we jogapkärçiligiň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, Binali Ýyldyrymy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.