Aşgabatda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlary dogrusynda durup geçdiler.

Bellenilişi ýaly, döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylaryň umumy pikire görä, häzirki wagtda parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň alnyp barylýar, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlary yzygiderli guralýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dostlukly dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda ylym, bilim, medeni alyşmalar, hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.

Söhbetdeşler özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.