Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň ministri, ikinji bilim ministri we ikinji daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşyk barada

photo

2025-nji ýylyň 13-nji martynda Ilçi B.Durdyýewiň Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň ministri, ikinji bilim ministri we ikinji daşary işler ministri Mohamad Maliki Osman bilen hem duşuşygy geçirildi.

Ilçi B.Durdyýew singapur tarapyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek ýokary derejeli halkara Forumy hem-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada maglumat berdi.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi teklip edildi we jenap Mohamad Maliki Osman ýakyn wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy.

Halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, taraplar iki ýurduň uzak döwürden bäri biri-birine berýän özara goldawyny kanagatlanma bilen bellediler we bu ugurda oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşyldy.