Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşyk barada

photo

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Singapur Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk bölüminiň baş direktory jenap Bernard Lim bilen bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen bu ýurduň arasynda ulag-logistika babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmek, gämigurluşyk we abatlaýyş, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hem-de Hazar deňzi instituty bilen Singapuryň degişli agentlikleriniň we edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we resminamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak, galyberse-de raýat awiýasiýasy we deňizçilik boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlara garalyp geçildi.