Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşyk barada

photo

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Singapur Respublikasynyň Söwda we senagat ministrliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktorynyň orunbasary jenap Ýu Şiň Taý bilen bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda söwda we işewürlik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine seredilip geçildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda üstünde işlenilýän ikitataraplaýyn ykdysady-söwda pudagyna degişli resminamalary gol çekmek üçin taýýarlamak, işewürler forumyny guramak, ýörite ykdysady zolaklara singapur maýasyny çekmek, elektron söwda babatda Singapuryň tejribesini öwrenmek, türkmen oba-hojalyk önümlerini bu ýurda eksport etmek üçin talaplar hem-de Singapuryň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.