Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri bilen geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Seul şäheriniň “Four Seasons” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri jenap An Dokgynyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Koreý tarapyndan geçirilen duşuşyga “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Bo Hýon hem gatnaşdy.
Duşuşygyň başynda taraplar özara mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde guruljak täze himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän döwrebap önümçilik toplumyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip tabşyrmak boýunça Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasynyň türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başlamagyna ýol açýandygy barada taraplar aýratyn nygtadylar.
Gol çekişlikden soň geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklere jikme-jik seredip geçildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli mineral dökünleri öndürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle-de türkmen tarapy himiýa pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetini aýratyn belläp, bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Türkmenistanyň mineral dökünlerini öndürmek boýunça halkara derejesindäki eksport mümkinçilikleriniň has-da giňeljekdigine ynam bildirdi.
Jenap An Dokgyn öz gezeginde bu taslama babatda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny ykdysady hyzmatdaş hökmünde saýlap almagyna ýokary baha berip, täze himiýa toplumynyň gurluşygynyň diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň himiýa senagatynyň ösüşine möhüm goşant goşjakdygyny aýratyn nygtady.
“Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Bo Hýon hem türkmen tarapynyň kompaniýa bildirýän ynamyna aýratyn minnetdarlygyny bildirip, täze taslamanyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün ediljekdigini we ähli tehniki hem guramaçylyk meseleleriniň ýokary derejede amala aşyryljakdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň özara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de, taraplar toparyň nobatdaky mejlisiniň Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi boýunça görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.