Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşyşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de terjribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.