Türkmen-ispan hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşleriň özara pikirine görä, iň ýokary derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýän şertleriň biri bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlylyk beýan edildi.
Halkara düzümleriň, esasan hem BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şeýle hem diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda ulgamlaýyn işi alyp barmak üçin şertler döretmek maksady bilen ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk mehanizmini, hususan-da Hökümetara topary ýa-da Iş geňeşini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda özara medeniýet, kino we sungat günleriniň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada özara ygrarlylyk beýan edildi.
Şol bir gün BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Ženewadaky ýörite wekili Zorisa Uroşewiç bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýahatçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ulgamlaýyn dialogy ýola goýmak we berkitmek, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek we ilerletmek bilen bagly meselelere garaldy.