Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň federal ministrini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň, Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, myhman Arkadag şäherinde geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň federal ministrini mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesinde geçirilýän ilkinji forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu taslamalaryň diňe bir iki ýurduň ykdysadyýetine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.