Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ilkinji gezek şeýle formatda geçirilýän we YHG-nyň sebitinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen şu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ähmiýeti bellenildi.

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen “akylly” şähere haýran galandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bu ýerde adamlaryň rahat ýaşamagy, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Myhman Özbegistanyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Samarkant şäherine amala aşyran dostlukly sapary möhüm waka boldy. Bu saparyň dowamynda iki ýurduň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara we sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagynyň özbek halky tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilendigi aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, YHG-nyň Arkadag şäherinde geçirilýän forumynda öňe sürülýän pikirleriň we teklipleriň geljekde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany forumyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky berk taryhy gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat edýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza gadymy Samarkant topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Bu şäher diňe bir Özbegistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem baý taryhy we medeni mirasynyň nyşany bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatow birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.