Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi.
Iri sebit guramasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, YHG-nyň ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Şeýle-de Asad Majid Han guramanyň şu gezekki forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we bu çäräni geçirmäge beren goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, YHG-nyň forumynyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistan bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.