Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny, şeýle-de Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Saýed Ýusuf Raza Gilani şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pakistana amala aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly ýurduň Senatynyň Başlygynyň saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
Türkmenistan we Pakistan iki ýurduň öňe süren halkara başlangyçlaryny ikitaraplaýyn esasda goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini we şu mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilani ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.