Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi.
Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, Ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.