Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýolagçy howa gatnawlarynyň açylyş dabarasy barada

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Koreýa Respublikasynyň Inçon şäherindäki halkara howa menzilinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň “Türkmenistan Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji rejeli, ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wise-spikeri jenap Li Hak-ýoň, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Awiasiýa syýasaty boýunça Baş müdiri jenap Kim Ýon-guk, Inçon halkara howa menziliniň işewürligi ösdürmek boýunça direktory jenap Sang-Ýon Li, “Türkmenistan Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy gatnawlarynda petekleri satuwy boýunça baş agenti “Pacific Air Agency” kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory jenap Park John pil, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary, koreý kompaniýalarynyň wekilleri we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary N.Kakabaýew we gullugyň beýleki işgärleri hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy gatnaşdy.

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň ýolagçy uçary Inçon halkara howa menziliniň 1-nji terminalyna ýerli wagty bilen sagat 20:45-de gondy we derwezäniň agzynda gelen ýolagçylary türkmen we koreý milli eşiklerindäki oglan-gyzlar gül desseli we duz-çörek, pişme bilen garşy aldylar.

Şeýlelik bilen, iki tarapyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji rejeli, ýolagçy howa gatnawlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler, Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüş derejesiniň has hem ýokarlanmagynyň subutnamasydygy barada nygtadylar. Bu taryhy wakanyň gürrüňsiz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdylar.

Ilçi B.Durdyýew öz gezeginde çykyş edip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyz tarapyndan geçirilýän çäreleriň meýilnamasy bilen tanyş etdi.

Şeýle hem ol, bu şanly seneleriň dabaraly bellenýän ýylynda göni ýolagçy howa gatnawlarynyň açylmagynyň türkmen we koreý halklary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan örän uly sowgat bolup durýandygy barada belledi.

Çykyşlardan soňra çärä gatnaşýan resmi wekiller dabaraly ýagdaýda ýolagçy howa gatnawlarynyň açylyş lentasyny kesdiler.