Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri gepleşikler geçirdiler

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi we şeýle giň gerimli forumyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň güwäsidigini aýtdy.

Şeýle-de belent mertebeli myhman Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki syýasy dialogyň işjeňleşendigine kanagatlanma bildirip, Irakliý Kobahidzäniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen netijeli gepleşiklere aýratyn ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gruzin döwletara dialogynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ulag, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ulag-logistika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Gara deňiz – Hazar deňzi”, “Lapis Lazuli” ulag geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine we ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekip, ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.