TÜRKMENISTAN WE BMG GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR

2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen duşuşdy.

BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek meýilini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy barada aýtdy. 2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda 17 sany Durnukly ösüş maksatlarynyň, 148 wezipesiniň we 194 indikatorynyň Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanmagynyň, şeýle hem DÖM ornaşdyrmak boýunça Iş toparynyň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen bilelikde wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň 2019-njy ýylda geçiriljek durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň dowamynda Milli meýletin syny bilen tanyşdyrmak barada karary barada aýtdy.

Lýu Ženmin Ykdysady we sosial meseleleri boýunça BMG-niň Departamentiniň (UN DESA) Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli maksatnamalaryny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň çäginde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetini hemişe goldamaga taýýardygy barada habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň we Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ECOSOC-ň Başlygy, Çeh Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili  Mariýa Çatardowa bilen duşuşdy.

Türkmen wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzyň oňyn gazananlary, şol sanda DÖM milli derejede ornaşdyrylmagy işinde üstünlikleri barada aýtdylar. 2018-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň 2019-2021-nji ýyllar üçin ECOSOC-ň agzalygyna saýlanylandygy barada maglumat berdiler. ECOSOC-a agza bolmak biziň ýurdumyza Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde BMG-niň dürli düzümleriniň işini işjeňleşdirmek üçin iri infrastruktura mümkinçilikleri ulanmaga mümkinçilik berýär.

M.Çatardowa Türkmenistanyň Hökümetini ECOSOC-ň agzalygyna saýlanylanmagy bilen gutlady, ECOSOC-ň DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça esasy edara bolup durýandygyny we bu düzümiň çäginde BMG-niň agza-ýurtlarynyň tejribe alyşmak mümkinçiliginiň bardygy barada belledi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi we BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Dereje Wordofa bilen duşuşdylar.

Türkmen wekiliýeti zenanlaryň maşgaladaky orny boýunça derňemeleri geçirmekde tehniki ýardamlary üçin BMG-niň Ilat gaznasynyň wekillerine minnetdarlygyny bildirdi we 2010-njy ýylda ýurduň ähli mekdeplerinde «Ýaşaýşa ukyplylygyň esaslary» atly okuw sapagynyň girizilendigi barada aýtdy hem-de  BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanasy reproduktiw saglyk boýunça mugallymlar üçin  okuw sapaklaryny geçýändigi barda maglumat berdi.

D.Wordofa BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlygyny, BMG-niň Ilat gaznasynyň ozalky Ýerine ýetiriji direktory B.Osotimehiniň Türkmenistana üstünlikli saparyny belledi. Ol häzirki wagtdaky Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Kanemiň 2019-njy ýylda Türkmenistana sapar bilen barmak islegini bildirdi. D.Wordofa 2019-njy ýylda BMG-niň Ilat gaznasynyň 50 ýyllyk ýubileýiniň, şeýle hem Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu ýylyň wajyp ähmiýetini nygtady.

BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş baradaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça gazanylan üstünlikler bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýaşlara we zenanlara berilýän goldawy hoşallyk bilen belläp, ýurduň geljeginiň ösüşi üçin uly goşant bolup durýandygyny aýtdy.