PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY

2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, söwda-ykdysady, medeni we bilim, hem-de sport ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

Pakistanyň Ilçisi iki milletiň taryhynyň, medeniýetiň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi döwletleriň özara gatnaşyklaryň işjeňliginiň esasy bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda j-p Murad Aşraf Janjua Ilçihananyň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy. Türkmen tarapy, öz gezeginde, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin Ilçä minnetdarlygyny bildirdi.