Seulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seul şäherinde ýerleşýän «Grand Hyatt» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Resmi kabul edişlige Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde bu ýurduň Daşary işler ministriniň jemgyýetçilik gatnaşyklar boýunça orunbasary we metbugat sekretary jenap Li Je-wuň gatnaşdy.

Özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimizde amala aşyrylan taryhy özgertmeler, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ileri tutulýan ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk, dostluk hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlar barada nygtady.

Bu alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmaga berýän aýratyn ünsi hakynda belläp, Ilçi onuň aýdyň subutnamasy hökmünde şu ýylyň dowamynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň we «Korea Meditech Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki umumy bahasy 1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan Şertnamalara gol çekilmegini, Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagyny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Şeýle hem, çykyşyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň 86 döwletiň dörediji bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylyp, onuň Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan tassyklanmagy hökmünde garamak bolýandygy barada Ilçi durup geçdi.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň jemgyýetçilik gatnaşyklar boýunça orunbasary we metbugat sekretary jenap Li Je-wuň, öz gezeginde, özara düşünişmek, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary bilen ýokary derejä çykýandygyny aýratyn tassyklady. Muny 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je-mýonuň arasynda geçirilen telefon arkaly gepleşigiň we onuň dowamynda garalan meseleleriň resmi delillendirýändigi barada belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy tassyklandy.

Dabaraly kabul edişligiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli pudaklaryna bagyşlanan milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.

Çäräniň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.