Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi.

Döwlet Baştutany myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Ýurtda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, maýa goýumlar üçin döredilen oňyn şertler gatnaşyklary giňeltmäge esas berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi.

 “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Eiji Hosoi türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.