Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony kabul etdi.
Oliwýe Delumo wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Şeýle hem “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary baha mynasypdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGNFI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi.
Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
“IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.