Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Kasri Millat” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar.

Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işiň möhüm wezipeleriniň biridigini belledi.

Halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy wezipeleriniň esasylarynyň biridigi nygtaldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerurlygy bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasy ugur görkeziji bolup durýandygy nygtaldy.

GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berildi. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýändigini hem nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.

Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi.

Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini ynandyrdy.

Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynyň doly teksti bilen şu aşakdaky salgy boýunça tanşyp bilersiňiz: https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/1681