Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler hem-de halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantuň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar.
Syýasy dialogyň we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eswatini Patyşasynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde bolan duşuşyklarynyň, olaryň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerindäki gepleşikleriň ähmiýeti bellenip geçildi.
Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Daşary işler ministrleri 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.