Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

photo

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin doga-dileg edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň berýän yzygiderli goldawlary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň adyndan berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik we tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gündelik iş lybasyny ýadygärlik sowgat hökmünde kabul etmegini uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Liderine uly hormat bilen söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan—Owganystan— Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň halkara derejede möhüm wakalaryň biri bolandygyny aýtdy.

Owgan-türkmen gatnaşyklary dost-doganlyga, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar diýip, Abdul Gani Baradar aýtdy we owgan tarapynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisi barada wideoşekiller görkezildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny we bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýändigini belledi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gaz geçirijiniň gurluşygynda ulanyljak täze satyn alnan kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň geçirilýän ýerine bardy.

Bu ýerde «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy H.Saparow alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata bermegini haýyş etdi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişildi.