Türkmenistanyň ilçihanasynda Halkara Parahatçylyk we Bitaraplyk forumyna bagyşlanan diplomatik çäre geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly çäre geçirildi.

Bu çärä Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, «Ambassadors’ Spouses Association in Seoul» (ASAS) birleşiginiň agzalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň we meşhur medeni guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew öz çykyşynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasyndaky dialogy we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Ilçi B.Durdyýew koreý tarapyny we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny bu Foruma öz ýurtlarynyň iň ýokary derejede işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge çagyrdy we Forumyň parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýokary derejede gepleşikler üçin global platforma bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen tanyşdyrýan ýörite kitap sergisi hem guraldy.

Mundan başga-da, türkmen Ak öýüniň içinde halkymyzyň senetçilik sungatynyň, onuň baý ruhy we medeni mirasyny görkezýän türkmen halylarynyň, nagyş-bezegleriniň hem medeni-çeperçilik sergisi guraldy.

Diplomatik çäre tamamlanandan soňra myhmanlara türkmen tagamlary hödürlendi.