OWGANYSTANDA RABATKAŞAN-KALAÝNAU UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJISINIŇ WE ELEKTRIK BEKEDINIŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY

2018-nji ýylyň iýul aýynyň 26-da Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň Kalaýnau şäherinde Rabatkaşan-Kalaýnau ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we 110/20 kw elektrik bekediniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani we Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar.

Çäräniň başynda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Prezidenti bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky elektroenergiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler.   

Mundan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Kalaýnau şäherinde gurlan elektrik bekediniň  goýberilmegine resmi ýagdaýda badalga berildi. Soňra döwlet ýolbaşçysy we Türkmenistanyň wekiliýeti çäre mynasybetli taýýarlanan maslahatlar zalyna geldiler. Ol ýerde ilki bilen Bathyz welaýatynyň häkimi Abdul Gafur Mälikzaý çykyş edip, Kalaýnau şäherine iberilen Türkmenistanyň elektrik energiýasy üçin welaýatyň halkynyň adyndan türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi we bu mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylaryny gutlady.

Soňra Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyş etdi. Ol öz çykyşynda bu gün Kalaýnau şäherine türkmen elektrik energiýasynyň berilmeginiň Türkmenistanyň bilen Owganystanyň dostlugynyň mizemez alamatydygyny, galyberse-de Türkmenistanyň owgan halkyna edýän bahasyna ýetip bolmajak kömekleridigini belledi. Munuň üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Energetika ministri çykyş edip bu dabaraly çäre mynasybetli Türkmensitanyň Hormatly Prezidentiniň doganlyk owgan halkyna iberen gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiziň gutlagyny çärä gatnaşyjylar tarapyndan şatlyk we gyzgyn elçarpyşmalar bilen kabul edildi.

Şeýle-de dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekow bilen Owganystanyň Energetika we suw serişdeler ministriniň i.w.ý.ý. Mohammadgul Hulmynyň arasynda Kerki-Hamýab-Garkyn elektrik geçirijisini gurmak baradaky meýiller barada Teswirnama gol çekmek dabarasy boldy.

Çykyşlar tamamlanandan soňra Owganystanyň Prezidenti A.Ganiniň gatnaşmagynda türkmen we owgan wekiliýetlerine resmi günortanlyk nahary berildi.