Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda "Amul-Hazar" halkara awtorallisine bagyşlananan brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi, onuň esasy mowzugy sentýabr aýynda geçiriljek "Amul-Hazar" halkara awtorallisi boldy, ýa-da halkara derejede kesgitlenen - «Turkmen Desert Race 2018». Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden başga, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, “Koreýa-Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluk Assosiasiýasynyň, ylym işgärleri we koreý kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Brifinge ýygnananlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangajy esasynda geçiriljek halkara awtorallisiniň maksatlary barada giňden gürrüň berildi. Bellenilşi ýaly, halkara awtoralli Bitarap Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden galkyndyrmakda esasy wakalaryň biri bolar. Bu çarçuwada çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hökümetiniň asyrlar boýy gelýän hyzmatdaşlygy we sebitdäki halklaryň dostlugyny ýola goýan bu gadymy Ýüpek ýoluny galkyndyrmakda alyp barýan işleri barada ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle hem döwletimizde sporty ösdürmekde alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Brifinge gatnaşyjylar - bu geçiriljek awtoralli Türkmenistanyň baý medeni-taryhy mirasy bilen tanyşmak üçin, dünýäniň we koreýanyň köpçüligi üçin, Türkmenistanyň alyp barýan aktiw daşary syýasatynyň netijesinde döwletleri we halkalary birikdirjek Beýik Ýüpek ýolunyň gelejegini görmek üçin oňyn pursatdygyny belläp geçdiler.