Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bu sebit häzirki wagtda diňe bir şypahana zolagy bolman, eýsem, çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine hem öwrülýär.
Gaznanyň şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa açylyş dabarasyndaky çykyşynda şu günki taryhy wakanyň — haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasynyň ähmiýetini nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu waka biziň ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky aladanyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär.
O.Atabaýewa gaznanyň barha artýan halkara ynsanperwer işi barada aýdyp, Türkiýede, Ukrainada, Russiýada, Owganystanda, Täjigistanda ýüzlerçe çagalara kömek berlendigini, bu ýurtlara çagalara niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagynyň bolsa onuň işiniň çäginiň barha giňelýändigini görkezýändigini belledi.
Oguljahan Atabaýewa bu wakanyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mynasyp sowgada öwrüljekdigine berk ynam bildirip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwerligiň binýadydygyny, ýurdumyzyň halkara giňişlikde amala aşyrýan işleriniň özenidigini nygtady.
Ýurdumyzda haýyr-sogaply işleriň amal edilmegine giň gerim beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze taryhy döwürde şol asylly işleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini dileýäris diýip, Oguljahan Atabaýewa çykyşyny jemledi.
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň Döwlet tugy belende galdyrylýar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanan ýörite sazyň ýaňlanmagynda gaznanyň baýdagy galdyrylýar.
Dabara gatnaşyjylar “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşyna tomaşa edýärler.
Çykyş tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şowhunly el çarpyşmalar astynda binanyň toý bagyny kesdi.
Dabara gatnaşyjylar täze, döwrebap binada döredilen şertler bilen tanyşdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösüşini üpjün etmek boýunça döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Soňra dabara gatnaşyjylar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen milli tagamlarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Myhmanlara çörek, pişme, palaw hem-de dograma ýaly milli aşhanamyzyň naýbaşy tagamlary hödürlenildi.
* * *
Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oguljahan Atabaýewa myhmany mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň haýyr-sahawat guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.
Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dabaranyň ähmiýetini belledi.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň, çagalaryň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni alyşmagyň, iki halkyň asylly däplerine laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.